Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýüzlerçe türkmen senagatçylary we telekeçileri gurluşykdan başlap, nebit we gaz, himiýa senagatyna, dokma, demir, plastik we agaç önümlerine, azyk tehnologiýalaryna çenli ähli ugurlarda baý tejribe toplap, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň netijeli diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, eksport kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna itergi berýärler. Bu babatda telekeçiler we işewürler tarapyndan döwrebap kärhanalar, hojalyk jemgyýetler we iri kompaniýalar döredilýär, ýurdumyzyň ençeme raýatlary iş bilen üpjün edilýär, jemgyýetimiziň abadançylygy pugtalandyrylýar. Şu nukdaýnazardan hem, bu döredilen her bir işewürligi, kärhanany, hojalyk jemgyýeti we kompaniýany döwrebaplaşdyrmak, gymmatbahaly kagyzlaryny halkara bazaryna çykarmak, dolandyryş taýdan täze has-hem netijeli usullary, gurallary oýlap tapmak we işewürlige girizmek, öndürilýän önümleriň ýerli çig mallardan bolan bölegini artdyrmak, olaryň importyny azaldyp, eksportyny giňeltmek, baha taýdan amatlylygyny ýokarlandyrmak, ylmy sygymly önümçilikleri ýola goýmak boýunça uniwersitetde ýaş ussat hünärmenleri, hukuk taýdan sowatly ykdysatçy telekeçileri we işewürleri, buhgaterleri, auditorlary, marketologlary, logistleri, menejerleri, terbiýeläp ýetişdirmek göz öňünde tutulýar. Bu batada netijeli işleri alyp barmak üçin uniwersitetde talyplar buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (telekeçilikde), işewürlik we telekeçilik, halkara işewürlik, işewürligi dolandyrmak, işewürlik hukugy ýaly taýýarlygyň ugurlary boýunça bilim alarlar.
IŞEWÜRLIGIŇ YKDYSADYÝETI WE DOLANDYRYLYŞY FAKULTETI
Beýleki fakultetler
BINAGÄRLIK-GURLUŞYK IŞEWÜRLIGI FAKULTETI
Türkmenistanda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeler, iri taslamalar we şähergurluşyk maksatnamalary ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda zähmet çekýän hususy binagärler diňe gurluşyk işleriniň ýerine ýetirijisi bolman, eýsem, täze gurluşyk materiallary, gurluşygy alyp barmakda innowasiýalary we ýokary hil standartlaryny ornaşdyrýan döredijilikli güýçdür. Häzirki wagtda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymzyň ylmy pragmatizme ýugrulan syýasatynyň we ýurdumyzyň döwlete dahylsyz pudagyna berýän goldawlarynyň netijesinde, ýurdumyzyň telekeçileri dürli ugurlar boýunça gurluşyk taslamalaryny üstünlikli amala aşyrýarlar. Şol sanda halkara howa menzilleri, awtomobil ýollary, mekdepler, çagalar baglary, saglyk merkezleri, ýaşaýyş jaý toplumlary, obadyr şäherçeler, işewürlik, söwda dynç alyş merkezleri hem-de senagat desgalary gurulýar. Gurluşyk pudagy zähmet serişdeleriniň iň köp çekilýän ugurlarynyň biridir. Şonuň üçin telekeçiler tarapyndan amala aşyrylýan gurluşyk taslamalary ussat binagärleri, ýüzlerçe gurluşyk inženerlerini, köpugurly ussalary, dizaýnerleri we öz hünärine ökde hünärmenleri talap edýär. Şu nukdaýnazardan hem, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde ýurdumyzyň gurluşyk pudagy üçin ýokary bilimli hususy binagär telekeçileriň, işewürleriň we ussat arhitektorlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň, dizaýnerleriň hem-de hünärmenleriň ýetişdirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu işleri amala aşyrmak üçin uniwersitetde talyplar binagärlik, binagärlik gurşawynyň dizaýny, senagat we raýat jaý gurluşygy, gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek ýaly taýýarlygyň ugurlary boýunça bilim alarlar.
OBA HOJALYK IŞEWÜRLIGI FAKULTETI
Ýurdumyzyň dürli klimat we ekologiýa aýratynlyklary, çöllük, daglyk, takyrlyk, subtropik, deňiz, derýa ýaly ekologik zolaklaryň bolmagy giň möçberli gaýtalanmaýan biologik dürlüligi emele getirýär. Bu gün hasylly ene topragymyzda her bir dänäni, her bir miwäni, her bir bakja ekini ýetişdirmek babatynda döwlet goldawyndan we ýeňilliklerinden peýdalanyp zähmet çekýän daýhan, bagban, çopan we türkmen telekeçileri diňe bir halkymyzyň azyk howpsuzlygyny däl, eýsem, dünýä bazarlarynda ýurdumyzyň bu babatdaky abraýyny hem berkidýär. Olaryň yhlasly zähmeti, öz işine bolan häzirki zaman çemeleşmeleri netijesinde halkymyzyň iýmit üpjünçiligi we ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleri giňeldilýär. Bu babatda diňe bir maldarçylyk we daýhançylyk bilen çäklenmän, döwrebap önümçilikleri ýola goýmak we olary eksport etmek ugurlarynda hem netijeli işleri alyp barýan hususy telekeçileriň orny barha artýar. Şu nukdaýnazardan hem, ýurdumyzyň oba, tokaý we balyk hojalygyny, maldarçylyk we guşçylyk pudaklaryny ösdürmek, döwrebap önümçilikleri ýola goýmak, öndürilýän önümleriň hilini we möçberini täze derejä çykarmak, eksportynyň geografiýasyny giňeltmek, biotehnologiýa, genetika, bioinženerlik, ekologik we “ýaşyl” tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanmak boýunça uniwersitetde oba hojalykçy ýaş telekeçileri, azyk önümçiligi babatynda işewürleri, weterinar lukmanlaryny, balykçylary, agronomlary ýetişdirmek göz öňünde tutulýar. Bu işleri amala aşyrmak üçin uniwersitetde talyplar agronomçylyk, azyk önümleriniň tehnologiýasy, weterinar lukmançylygy, senagat balykçylygy ýaly taýýarlygyň ugurlary boýunça bilim alarlar.
SANLY TEHNOLOGIÝALAR FAKULTETI
Häzirki döwürde sanly tehnologiýalar jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda wajyp orny eýeleýär. Bu ugurlara bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, maliýe we bank ulgamlary, jemgyýetçilik gatnaşyklary, akylly şäherler we energetiki ulgamlar, takyk oba hojalygy, sanly önümçilik, senagat we beýlekiler degişlidir. Dünýä ýüzünde giňden ornaşdyrylýan sanly ykdysadyýet adamlaryň hal-ýagdaýyny täze derejelere çykarmaga, telekeçiligi alyp barmagyň we önümçilik gatnaşyklaryny guramagyň täze görnüşlerine geçmäge gönükdirilendir. Emeli aň we kognitiw tehnologiýalar, neýron torlar, blokçeýn tehnologiýalary, kwant tehnologiýalary, uly göwrümli maglutalar tehnologiýalary, maglumatlary goramagyň we kriptografiýa tehnologiýalary, mobil we web programma üpjünçilikleri, mahabatlandyrmagyň, logistikanyň sanly tehnologiýalary telekeçiligiň we işewürligi dolandyrmagyň täze görnüşleriniň emele gelmegine, edara-kärhanalaryň zähmet öndürijiliginiň we bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna, önümçiligiň awtomatlaşdyrylmagyna, sanlylaşdyrylmagyna, adam faktorynyň, önümçiligiň ýitgileriniň aradan aýyrylmagyna, senagatyň daşky gurşawa täsiriniň azalmagyna ýardam edýär. Bu ugurlar boýunça giň dünýägaraýyşly ýaş hünärmenleri taýýarlamak şu günüň wajyp talabydyr. Şu nukdaýnazardan hem, Halkara senagatçylar we telekeçileri uniwersitetinde ýurudmyzyň hususy telekeçilik we işewürlik ulgamyna zerur bolan programmist telekeçileri, logistleri, kriptograflary, tor administratorlary taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Bu babatdaky işleri amala aşyrmakda uniwersitetde talyplar maglumat ulgamlary we tehnologiýalary, önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy, söwdada we logistikada sanly tehnologiýalar ýaly taýýarlygyň ugurlary boýunça bilim alarlar.

