Döw­re­bap bi­lim öz­gert­me­le­ri

Decorative element

Oktýabr 20, 2025

Döw­re­bap bi­lim öz­gert­me­le­ri

Röwşen gel­je­gimiz bo­lan ýaş nes­le be­ril­ýän bi­li­miň hi­li­ni go­wu­lan­dyr­mak, ugur­la­ry­ny gi­ňelt­mek, maz­mu­ny­ny çuň­laş­dyr­mak hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýö­red­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz­da bi­lim ul­ga­my­ny has-da kä­mil­leş­dir­mek ug­run­da giň ge­rim­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­sy dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýaş nes­li­mi­zi kä­mil, giň göz­ýe­tim­li edip ýe­tiş­dir­mek­de dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän bi­lim ojak­la­ry­nyň, ýo­ka­ry de­re­je­li mu­gal­lym­la­ryň äh­mi­ýe­ti uly bo­lup dur­ýar. Dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän, äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan ça­ga­lar bag­la­ry­nyň, or­ta mek­dep­le­riň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň, ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­ri­niň, sport top­lum­la­ry­nyň her ýyl­da on­lar­ça­sy gur­lup ulan­ma­ga be­ril­di. Öz­le­ri üçin dö­re­di­len şert­ler­den ýer­lik­li peý­da­la­nyp bil­ýän ýaş­la­ry­myz ýe­ti­şip, Wa­tan da­ýan­jy­na öw­rü­lip, bi­lim ul­ga­myn­da­ky ösüş­le­ri dün­ýä äş­gär ed­ýär­ler.

Mek­dep­le­riň okuw se­riş­de­le­ri bi­len üp­jün­çi­li­gi we okat­ma­gyň usu­ly­ýe­ti­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi, okuw ki­tap­la­ry­nyň tä­ze­le­ri­niň, okuw-usu­ly se­riş­de­le­ri­niň elekt­ron gö­te­ri­ji­ler­de taý­ýar­la­nyl­ma­gy, bi­lim ojak­la­ryn­da san­ly ul­gam üçin dö­re­di­len bi­lim por­tal­la­ry okuw-ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge ýar­dam ber­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry örän çalt dep­gin­ler bi­len ös­ýär. San­ly bi­lim ul­ga­my­nyň ös­dü­ril­me­gi bu ugur­da teh­no­lo­gik tä­ze­çil­li­gi dö­ret­me­gi we ýaý­rat­ma­gy, bi­lim eda­ra­la­ry­nyň teh­no­lo­gi­ýa taý­dan ös­me­gi­niň çalt­lan­dy­ryl­ma­gy­ny, bi­li­miň äh­li de­re­je­le­ri üçin ze­rur bo­lan elekt­ron mag­lu­mat­lar go­ru­nyň dö­re­dil­me­gi­ni we ola­ra tor ar­ka­ly el­ýe­ter­li­li­gi üp­jün et­me­gi göz öňün­de tut­ýar. Ýur­du­myz­da bi­lim ber­li­şi­niň de­re­je­si ýo­kar­lan­dy­ryl­ýar, komp­ýu­ter­le­riň, mul­ti­me­dia we beý­le­ki mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ula­ny­ly­şy iş­jeň­leş­di­ril­ýär, dün­ýä tej­ri­be­si öw­re­nil­ýär. Bi­lim ul­ga­my­nyň öňün­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­ri çöz­mek­de döw­re­bap ugur­la­ra aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Dün­ýä­niň ösen döw­let­le­ri­niň bi­lim ul­gam­la­ryn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­riň tej­ri­be­sin­de mil­li bi­lim ul­ga­my­nyň usu­ly­ýet bin­ýa­dy döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar. Dün­ýä ýurt­la­ryn­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra ders, tas­la­ma, ze­hin, in­ter­net olim­pia­da­la­ryn­da, sport bäs­le­şik­le­rin­de iň öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­me­gi ba­şar­ýan mek­dep okuw­çy­la­ry­my­zyň sa­ny bar­ha art­ýar.

Zul­hu­mar RO­ZY­ÝE­WA,

Çär­jew et­ra­byn­da­ky 29-njy or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my.

Çeşmesi:Türkmenmetbugat