Türkmenistanyň döwrebap ulag-logistika ulgamy

Decorative element

Sentýabr 23, 2025

Türkmenistanyň döwrebap ulag-logistika ulgamy

Ýurdumyz milli ykdysadyýetiň çalt depginde ösýän şertlerinde dünýä döwletleri bilen ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berýär. «Türkmenistanyň 2020-2025-nji ýyllar üçin daşary ykdysady işiniň ösüşiniň maksatnamasyny», «Türkmenistanyň 2021-2030-njy ýyllar üçin daşary söwda strategiýasyny» we söwda, ykdysadyýet hem-de maýa goýumlar ulgamlaryna degişli resminamalardan gelip çykýan çäreleri hem-de taslamalary amala aşyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşine we ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýän oňyn halkara şertleri döretmek, dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmak, daşary ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, iri maýa goýumlaryny ýurdumyza çekmek ýaly wajyp wezipeler ileri tutulýar.

Türkmenistany geljek 30 ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda göz öňünde tutulyşy ýaly, ýurdumyz ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna maýa serişdelerini goýýar. Ulag ulgamyndaky esasy maýa goýum awtomobil, howa, demir ýol, derýa we deňiz gatnawlaryny ösdürmäge, awtomobil ýollaryny gurmaga, telekommunikasiýa, ýurdumyzyň geosyýasy ýerleşişinden we üstaşyr ulag amatlyklaryndan has netijeli peýdalanyp, ýolagçy we ýük dolanyşygyny artdyrmaga gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Häzirki döwürde ulag-logistika ulgamy sebitleri we dünýäniň kontinentlerini birleşdirýän güýje öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup durýar. Şoňa görä-de, bu geografik ýagdaýdan we beýleki mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanarys». Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmegiň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyz ulag diplomatiýasynyň özenini tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen asylly maksatlarda görýär. Halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny ösdürmek, onuň hereket etmegini gazanmak üçin Türkmenistan tarapyndan ulag ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar giň goldawa eýe bolýar.

Ulag diplomatiýasy biri-biri bilen ýakyndan baglanyşykly bolan birnäçe ugry özünde jemleýär. Bu ugurda amala aşyrylýan işler Beýik Ýüpek ýoluny häzirki zaman talaplaryna laýyklykda gaýtadan dikeltmekde, ýurdumyzy sebitde iri ulag-logistika merkezine öwürmekde ädimleri ätmäge mümkinçilik berýär.

Dünýäniň köp ýurtlary öz ýüklerini we ýolagçylaryny gysga wagtda amatly geçirmek babatda Türkmenistanyň mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirýärler. Türkmenistan Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ýük we ýolagçy gatnawlaryny geçirmegiň howpsuzlygyny kepillendirýär. Ýurdumyzyň alyp barýan hemişelik Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, «Açyk gapylar» syýasaty bu ugurda işleriň has-da ilerlemegine itergi berýär.

Baýramdurdy ÝAZJANOW,

Türkmenistanyň Inžener-teniki we ulag

kommunikasiýalary institutynyň Demir

ýol ulaglary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.