Sentýabr 01, 2025
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşen ulus-ilimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda taryhy wakalara şaýat bolýar. Şanly ýylymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalaryň birine öwrüler.
19-njy sentýabrda geçiriljek umumymilli foruma görülýän taýýarlyk işleri barha giň gerim alýar. Bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 20-nji awgustda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi bu forumyň taýýarlyk işlerine badalga berdi. Şol mejlisde Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljek senesini kesgitlemek hem-de guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklamak bilen bagly meselelere seretdi hem-de degişli resminamalara gol çekdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Onuň işine jemgyýetçiligiň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň giňden çekilmegi hem şonuň bilen baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň biri bolan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak däbi gadymdan bäri halkymyzyň durmuşynda dowam edip gelýän demokratik däpleriň biridir. Häzirki taryhy döwürde bu asylly däpler ýurdumyzyň ösüşiniň esasyna, ileri tutulýan wezipeleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmak, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny netijeli ulanmak, durnukly ösüşi üpjün edýän durmuş-ykdysady özgertmeleri geçirmek boýunça giň möçberli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Halk Maslahatynyň bu ugurdaky möhüm orny aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Halk Maslahatynyň mejlislerinde döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenýär, döwrüň talaplaryna, täze ykdysady şertlere laýyklykda, häzirki döwürde öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly günlerinde geçiriljek umumymilli foruma Ahal welaýatynda-da ykjam taýýarlyk görülýär, Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan wezipelerine laýyklykda degişli işler alnyp barylýar. Taýýarlyk işleriniň çäginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti barada wagyz-nesihat çärelerine giň gerim berildi. Raýatlaryň isleg-arzuwlary, haýyşlary öwrenilýär we olar boýunça teklipler taýýarlanylýar.
Öňde boljak möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre ata-babalarymyzdan gelýän asylly däpleriň, döwletlilik ýörelgeleriniň dabaralanýandygyny, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini nobatdaky gezek aýan eder. Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini dünýä ýaýar.
Musamuhammet BERDIÝEW,
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň müdiri,
welaýat halk maslahatynyň başlygy.

